Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
TDHÇMB
07.12.2019
12.12.2019
Daşoguz welaýat häkimligi düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça tender yglan edýär
Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň çäginde ýerleşýän kitaphanalaryň, medeniýet we sungat edaralarynyň binalarynda 2019-njy ýylda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
- gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
- edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
- hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
- häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.
Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 12-nji dekabryna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-02, 9-03-14. faks: 9-30-85.
Türkmenistan, Daşoguz welaýaty
Bulary hem okaň