Türkmenistanda şu ýylyň 24-25-nji maýynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi duşenbe güni habar berdi.
Bu köpugurly halkara sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda geçiriler.
Serginiň dowamynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalarynyň, ýurduň telekeçileriniň we Türkmenistanda iş alyp barýan hem-de paýtagtyň has-da gözelleşmegine gönükdirilen ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň öz gazananlaryny görkezmegine garaşylýar.
Habarda bellenilişi ýaly, bu köpugurly halkara sergä gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň degişli bölümlerine ýüz tutup bilerler.