Türkmenistan bilen Ukraina atçylyk ugrunda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Ukraina atçylyk ugrunda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýew Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan peýdalanmak boýunça Milli uniwersitetindäki atlary synlaýar, 2024-nji ýylyň 30-njy apreli, Kiýew şäheri.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýew bilen Kiýew şäherindäki Bioresurslar we tebigatdan peýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň rektory Stanislaw Nikolaýenkonyň arasynda şu ýylyň 30-njy aprelinde geçirilen duşuşykda taraplar oba hojalyk ugurlarda, şol sanda atçylyk ugurda tejribeli hünärmenleri taýýarlamakda özara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda bu ýokary okuw jaýy bilen Türkmenistanyň Aba Annaýewiň adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Ilçi Toýly Ataýew türkmen atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň UNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy, şeýle-de Türkmenistanda meşhur ahalteke tohumyny gorap saklamak we kämilleşdirmek boýunça häzirki zaman çemeleşmeler barada gürrüň berdi.

Uniwersitetiň rektory Stanislaw Nikolaýenko öz gezeginde Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan peýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň okuw ugurlary, uniwersitetiň tehniki we maddy binýady barada gürrüň berip, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň wekilleri uniwersitetiň çägindäki atçylyk sport toplumyna – at münmek, seýislemek, ýaryşlara türgenleşmek we päsgelçilikleri ýeňip geçmek ýaly sapaklaryň geçirilýän ýerine hem-de uniwersitetiň bal aryçylyk pudagy boýunça hünärmenleri taýýarlaýan we onuň çäginde ýerleşýän aryçylyk boýunça Goloseýewskiý ylmy-barlag we önümçilik barlaghanasyna baryp gördiler.

2022