Mary welaýat häkimligi gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakynda” 2019-njy ýylyň 24-nji maýyndaky 1237 belgili Kararyna laýyklykda, Mary welaýat häkimligi binalaryň we inženerçilik ulgamlaryň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.
Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň Üçdepe obasynda guruljak täze, döwrebap şäherçede:
- ýangyn howpsuzlyk bölümi;
- geňeşligiň edara binasy;
- 660 orunlyk mekdep;
- 320 orunlyk çagalar bagy;
- saglyk merkezi;
- şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary, şeýle hem lagym suwuny süzüji meýdança;
- şäherçä barýan we şäherçäniň içerki ýollary;
- şäherçäniň daşarky we içerki elektrik ulgamlary;
- tekizleýiş işleri.
Sakarçäge etrabynyň Gümgüzer geňeşliginiň Garybata obasynda guruljak täze, döwrebap şäherçede:
- ýangyn howpsuzlyk bölümi;
- geňeşligiň edara binasy;
- 720 orunlyk mekdep;
- 320 orunlyk çagalar bagy;
- saglyk merkezi;
- şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary, şeýle hem lagym suwuny süzüji meýdança;
- şäherçä barýan we şäherçäniň içerki ýollary;
- şäherçäniň daşarky we içerki elektrik ulgamlary;
- tekizleýiş işleri.
Türkmengala etrabynyň Täze dünýä geňeşliginiň Kyrkişik obasynda guruljak täze, döwrebap şäherçede:
- ýangyn howpsuzlyk bölümi;
- geňeşligiň edara binasy;
- 660 orunlyk mekdep;
- 320 orunlyk çagalar bagy;
- saglyk merkezi;
- şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary, şeýle hem lagym suwuny süzüji meýdança;
- şäherçä barýan we şäherçäniň içerki ýollary;
- şäherçäniň daşarky we içerki elektrik ulgamlary;
- tekizleýiş işleri.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we hususy kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden şu maglumatlar talap edilýär:
- gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
- soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
- edara-kärhananyň maddy we tehniki binýady barada maglumat;
- hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşik teklipleri şu ýylyň 6-njy fewralyna çenli her gün sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 8(522) 6-06-21, 6-00-34, (faks) 6-77-13.