23.01.2020
03.02.2020

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy potratçyny saýlap almak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy deslapky kwalifikasiýa saýlawyny geçirmek üçin “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn territoriýasyndaky Pirguýy “B” blok gaz bekedinde önümçiligi bir gije-gündizde 900 m3 bolan gatlaklardaky suwy arassalaýyş desgasynyň taslamasyny düzmek, satyn almak, gurmak we ulanyşa goýbermek hyzmatlaryny bermek boýunça tender №. CIT-19076-SR yglan edýär.

Işiň göwrümi taslama düzmegi, satyn almagy, gurmagy we ulanyşa goýbermegi, kadaly işletmegi, senagat synag etmegi, buýuryjynyň işgärlerine okuw geçmegi, bir ýyl kepil bermegi öz içine alýar, desganyň taslamasyny döwlet derejesinde kabul etmek we tabşyrmak aşakdakylardan ybarat:

  • bugardyjy baraban;
  • kondensaty sowujy gural;
  • blok görnüşli ýag flotasiýa desgasy;
  • blok görnüşli filtrleýji desga;
  • galyndylary çykaryjy we suw bilen garyjy desga;
  • blok görnüşli filtr-press;
  • himiki reagentleri nasoslaýjy desga;
  • bufer gap, arassalanan suw üçin ätiýaçlyk çelegi we läbik alyjy gap;
  • göteriji nasos we drenaž nasos;
  • kömekçi serişdeler we kommunal desgalar.

Mundan başgada potratçy işi tamamlamak üçin ähli gerekli sarp ediş serişdeleri bolan, elektroenergiýa, wagtlaýyn gurallar, ýangyç we suw bilen üpjün etmek boýunça jogapkärçiligi öz üstüne alýar

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky görkezilen maglumatlary we resminamalary taýynlap tendere gatnaşyp biler:

  • tendere gatnaşmak barada arza;
  • kompaniýanyň doly ady, hukuk ýagdaýy, bellige alnan ýurdy we rekwizitleri görkezilen maglumatlar;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda kompaniýanyň maliýe ýagdaýy;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda meňzeş enjamlaryň söwdasyna degişli maglumatlar;
  • ýerli kompaniýalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýändigi baradaky bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmaly.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 günüň dowamynda kabul edilýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan.

Elektron salgysy: narine.simonyan@cnpcag.com;

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312 44-54-34; Faks: +99312 44-50-44.

Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022