Türkmenistan Täjigistana esasy pomidor eksport ediji boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Täjigistana esasy pomidor eksport ediji boldy
Ýyladyşhana toplumynda pomidor hasylynyň ýygnalýan pursady

Häzirki wagtda Täjigistanyň lomaý bazarlarynda Türkmenistandan getirilýän ýyladyşhana pomidorlary esasy orny eýeleýär. Bu barada “EastFruit” analitiki platformasy sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Täjigistanyň bazarlaryndaky sarp edijiler tarapyndan türkmen pomidoryna islegiň artandygy sebäpli, özbek pomidorlaryna isleg peseldi.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen pomidoryň eksportynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3 göterim ýokarlandy.

Häzirki wagtda Türkmenistan boýunça ýyladyşhanalaryň umumy meýdany 800 gektar töweregi bolup, şolaryň aglaba bölegi, ýagny 95 göterimi pomidor önümçiligine ýöriteleşendir. 

2022