20.02.2020
05.03.2020

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy kükürdi gaýtadan işlemek boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy deslapky kwalifikasiýa saýlawyny geçirmek boýunça “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn territoriýasynda goýberilýän, ýyllyk önümçilik göwrümi 200 000 tonna bolan, kükürdi gaýtadan işlemek boýunça tender yglan edýär.

Her kwartalda üpjün ediş göwrümi: 50 000 tonna.

Üpjün edilýän kükürdiň hili TDS 1017.1-2017 СОРТ 9990 laýyk gelmeli.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky görkezilen maglumatlary we resminamalary taýynlap tendere gatnaşyp biler:

  • kompaniýanyň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan tendere gatnaşmak barada arza;
  • kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we telefon belgileri görkezilen maglumatlar;
  • kompaniýanyň hasaba alyş resminamasy, ygtyýarlandyrylan wekile Türkmenistanda resminamalary tabşyrmak we kabul etmek üçin kompaniýanyň ynanç haty;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda kompaniýanyň tehniki kükürdi satyn almak we satmak boýunça söwda göwrümlerini görkezmeli;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda kompaniýanyň ýyllyk balansyny we audit barlaglarynyň netijelerini görkezmeli;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda kompaniýanyň hyzmatdaş transport kompaniýalarynyň sanawyny görkezmeli;
  • ýerli kompaniýalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýändigi baradaky bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmaly.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda sagat 18.00 çenli kabul edilýär.

Jogapkär hünärmen: Çaryýar Gylyjow.

Elektron salgysy: chary.k@cnpcag.com; ligang02@cnpcag.com;

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312 44-54-19, +99312 44-53-06, faks: +993 12 44-50-48.

Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022