Serdar Berdimuhamedow bedew baýramy mynasybetli çärelere gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow bedew baýramy mynasybetli çärelere gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşýarlar, 2024-nji ýylyň 28-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýekşenbe güni Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda esasy baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistana sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirildi we olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, iň gowy netijeleri görkezdiler.

Baýramçylyk çapyşyklarynyň dowamynda bagşy-sazandalaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň we päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan soňra, baýramçylyk mynasybetli ýekşenbe güni geçirilen çapyşyklaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara gymmat bahaly sowgatlar, uly möçberli pul baýraklary, diplomlar gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we uly möçberli pul baýragy gowşuryldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen çärelere we “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu ýerde ýurtda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna “akylly” şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze jaýlaryň açarlaryny sowgat hökmünde gowşurdy.

2022