Eýranyň Söwda palatasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň Söwda palatasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini belledi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow (çepde) bilen Eýranyň paýtagty Tähranda ýurduň Söwda, senagat, şahtaçylyk we oba hojalyk palatasynyň ýolbaşçysy Samad Hassanzadeniň (sagda) arasyndaky dyşuşyk, 2024-nji ýylyň 27-nji apreli

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow şenbe güni Eýranyň paýtagty Tähranda ýurduň Söwda, senagat, magdan we oba hojalyk palatasynyň ýolbaşçysy Samad Hassanzade bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Samad Hassanzade syýahatçylyk we bejeriş syýahatçylygy, senagat, dag magdan senagaty hem-de oba hojalyk pudaklarynda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Eýranyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalyk palatasynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň çäklerinde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda dolanyşygyň umumy möçberiniň 450 million ABŞ dollaryna deň bolandygy mälim edildi.

Samad Hassanzade Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegi üçin iki ýurduň arasynda has ýeňillikli söwda ulgamynyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmen tarapy öz gezeginde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ikitaraplaýyn söwdany mundan beýläk-de giňeltmek üçin tagallalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Mergen Gurdow häzirki wagtda Tähranda geçirilýän “Iran Expo 2024” sergisiniň ýokary derejesine oňyn baha berdi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy şunuň ýaly sergileriň her ýyl Türkmenistanda hem geçirilýändigini belledi we eýran işewürlerini degişli çärä gatnaşmaga çagyrdy.

1884-nji ýylda esaslandyrylan Eýranyň Söwda, senagat, şahtaçylyk we oba hojalyk palatasy täjirçilik däl we Hökümete degişli bolmadyk edara bolup, onuň maksady ykdysady depgine we ýurduň ösüşine ýardam etmekden ybaratdyr.

2022