25.02.2020
07.04.2020

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi laminat düşegini öndürýän önümhana gurmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde laminat düşegini öndürýän önümhanany gurmak boýunça HALKARA BÄSLEŞIGI yglan edýär.

Ähli gyzyklanma bildiren taraplar ministrlige ýüz tutup bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin töleg 500 amerikan dollary (bu töleg yzyna gaýtarylmaga degişli däl).

Bäsleşige hödürlenen teklipler 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Hödürlenen tekliplere bäsleşige gatnaşmak üçin töleg tölenenden soňra seredilýär.

Bäsleşik resminamalary iki bukjada kabul edilýär, birinjide - täjirçilik teklibi, ikinjide - tehniki teklip we beýleki zerur bolan resminamalar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 39-00-33/17/19/21.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022