16.03.2020
01.04.2020

“Türkmenbaşy” banky enjamlar bilen üpjün etmek we gurnamak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 164-nji we 166-njy ýaşaýyş jaýlary üçin “Daşky desga üçin howa arkaly sowadyjy çiller” enjamlary bilen üpjün etmek we gurnamak boýunça tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin arzalar we teklipler 2020-nji ýylyň 1-nji apreline çenli kabul edilýär.

Ýerine ýetirilen iş üçin töleg milli manatda amal aşyrylýar.

Tehniki talaplar boýunça “Türkmenbaşy” DTB-nyň inžener-tehniki bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (99312) 44-70-72, 44-72-28.

Türkmenistan, Aşgabat ş., H.Annadurdyýew köçesi 54
Bulary hem okaň
2022