22.05.2020
03.07.2020

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi gerekli harytlary satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Lot №1 - Halkara okuw-ylmy merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny, saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot №2 - Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de serişdelerini satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefony: 40-04-79.

Türkmenistan, Aşgabat şäheri‚ Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň