02.06.2020
14.07.2020

“Türkmenhimiýa” Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyna gerekli harytlary satyn almak boýunça tenderi gaýtadan yglan edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy üçin aşakdaky görkezilen lotlary satyn almak boýunça halkara tenderini gaýtadan yglan edýär.

Lot № 2 – Umumy we tehniki enjamlar.

Lot № 3 – Elektrotehniki ölçeg enjamy we gurluşyk harytlary.

Lot № 4 – Awtoulag, ýörite tehnika we olaryň ätiýaçlyk şaýlary.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we tehniki talaplary almaly;
  • yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lotuň bahasy 200 (iki ýüz) amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Tender gatnaşmak üçin teklipler sagat 9.00-dan 17.00 aralygynda, 30 (otuz) iş güni ýerli wagt bilen sagat 10.00 çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-01-14, 39-01-83, 39-01-71, 39-01-82.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022