01.01.1970
01.01.1970

“Abraýly dostlar” hususy kärhanasy

“Abraýly dostlar” hususy kärhanasy Türkmenistanda polipropilen multifilament ýüplügüni öndürýän kompaniýadyr.

Kompaniýanyň 1700 inedördül meýdany eýeleýän kärhanasy Gyýanlynyň polimer zawodyndan alynýan çig maly arkaly ýokary hilli ýüplükler dürli reňklerde we şekillerde öndürýär.

Ýüplükler Awstriýanyň dünýä belli SML enjamlarynda çykarylýar. Taýýar önümler bolsa, zawodyň özünde ýerleşýän Germaniýanyň “ZwickRoell” kompaniýasynyň tehnologiýalary oturdylan barlaghanasyndan, şeýle-de birnäçe garaşsyz barlaghanalardan geçirilýär.

“POLYYARN” markasy bilen öndürilýän polipropilen ýüplükleri dört sany uzaldyjy we egriji modul bilen enjamlaşdyrylan önümçilik liniýasynda öndürilýär. Döwrebap enjamlaryň netijesinde ýokary dykyzlykda we ýokary önümçilik tizliginde aňrybaş ýüplükler alynýar. Önümçiligiň çalt depginde amala aşyrylmagy ýüplükleriň hiline hiç hili zyýan bermeýär.

Önümler 150-6000 denier çenli aralykda bolup, berkligi 6.8-7.5 g/denierdir. Kompaniýa ISO 9001, 10002, 140001, 45001 sertifikatlaryna eýedir we önümler Ýewropa standartlaryna doly laýyk gelýär.

“POLYYARN” multifilament ýüplükler tor görnüşli örtükleriň, ulag kemerleriniň, plastik turbalarynyň, ýüp we tanaplaryň, dokama filterleriň, halylaryň, torbalaryň, big-begleriň önümçiliginde ulanylyp bilner.

Kompaniýa häzirki wagtda ýüplükleri Türkiýä eksport edýär we Ýewropa ýurtlaryna ibermek boýunça hem gepleşikleri geçirýär.

 

Salgysy: Türkmenistan, Ahal welayaty, Ak Bugday etraby, Senagat zolagy 105.

Telefon belgileri: +993 12 477410; +993 65 039494.

Email: info@polyyarn.com;

Web sahypasy: polyyarn.com

Bulary hem okaň
2022