TDHÇMB-da çarşenbe güni $43,8 millionlyk geleşik baglaşyldy

BT
TDHÇMB-da çarşenbe güni $43,8 millionlyk geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky söwdalaşyklardan pursat (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçirilen söwdalarynda jemi bahasy 43 million 898 müň 518 ABŞ dollaryna we 7 million 128 müň manada deň bolan 13 geleşik baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden jemi bahasy 38 million 802 müň 400 ABŞ dollaryna deň bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Türkiýäniň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügini, pagta süýümini we dokma önümlerini satyn almak barada jemi bahasy 5 million 96 müň 118,8 ABŞ dollaryna deň bolan geleşikleri baglaşdylar.

Türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 7 million 128 müň manada deň bolan Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalarda öndürilen nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022