16.10.2020
30.10.2020

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi üpjün edijileri saýlap almak boýunça tender yglan edýär

1. Lot № 491. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň merkezi edarasy bilen garamagyndaky edaralaryň arasynda elektron resminamalar dolanyşygynyň bir bitewi ulgamyny döretmek hem-de taýýarlanmagy meýilleşdirilýän döwlet sanawynyň bir bitewi elektron ulgamynyň kompýuter programmasyny işe girizmek üçin enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Adalat ministrligi.

2. Lot № 521. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny, girelgelerini hem-de üçegini düýpli abatlamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

3. Lot № 522. Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny, girelgelerini hem-de üçegini düýpli abatlamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

4. Lot № 523. Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny, girelgelerini hem-de üçegini düýpli abatlamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

5. Lot № 535. Türkmenistanyň Konsullyk gullugynyň işini sanly ulgama geçirmek maksady bilen, “Resminamalary (tassyklamak) kanunlaşdyrmak” we “Onlaýn usulda raýatlary konsullyk hasaba almak” üçin programma üpjünçiligini satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.

6. Lot № 538. Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny, girelgelerini hem-de üçegini düýpli abatlamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz.

Bäsleşik 2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-46-39; 39-46-38, 39-46-35.

Türkmenistan, Aşgabat, Arçabil şaýoly, 156
Bulary hem okaň
2022