Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli agyr we oba hojalyk tehnikalary pudagynda ýöriteleşen türkmen kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen aýratynlykda duşuşyklary geçirdi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi.
Agyr tehnikalar we ýük göteriji kranlar bilen üpjün etmek hem-de olary ulanmak ugrunda ýöriteleşen “Dag Etek” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda, taraplar degişli pudakda işewür hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi, şeýle-de, oba hojalyk traktorlary, agyr tehnikalar we awtobuslar boýunça iş alyp barýan “Oguz” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen aýratynlykda duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we bilelikdäki taslamalary ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyklar Türkmenistanyň hususy pudagy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem senagat we oba hojalyk ugurlarynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirildi.

















