17.10.2020
27.10.2020

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy gaz kondensatyny satmak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy deslapky kwalifikasiýa saýlawyny geçirmek boýunça “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn territoriýasynda goýberilýän, ýyllyk önümçilik göwrümi 150 000 tonna bolan, gaz kondensatyny satmak boýunça tender yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky görkezilen maglumatlary we resminamalary taýynlap tendere gatnaşyp biler:

  • kompaniýanyň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan tendere gatnaşmak barada arza;
  • kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we telefon belgileri görkezilen maglumatlar;
  • kompaniýanyň hasaba alyş resminamasy, ygtyýarlandyrylan wekile resminamalary tabşyrmak we kabul etmek üçin kompaniýanyň ynanç haty;
  • degişli hyzmatlary bermek boýunça iş tejribesi;
  • ýerli kompaniýalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýändigi baradaky bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmaly.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda sagat 18.00 çenli kabul edilýär.

Jogapkär hünärmen: Çaryýar Gylyjow.

Elektron salgysy: chary.k@cnpcag.com; ligang02@cnpcag.com;

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312 44-54-19, +99312 44-53-06, faks: +993 12 44-55-51.

Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022