13.11.2020
25.12.2020

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi gerekli harytlary satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky görkezilen lotlary satyn almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär:

Lot №1 – Halkara talaplara laýyk gelýän, durmuşda wajyp derman serişdelerini satyn almak.

Lot №2 – Halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk harytlaryny we reagentleri satyn almak.

Lot №3 – Halkara talaplara laýyk gelýän dermanlyk çig mallary hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot №4 – Halkara talaplara laýyk gelýän zyýansyzlandyryş, himiki serişdeleri, reaktiwleri we enjamlary satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefony: 40-04-79.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň
2022