Türki döwletler bilelikde emeli hemra işläp düzerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türki döwletler bilelikde emeli hemra işläp düzerler
Türki Döwletleriň Guramasynyň kosmos agentlikleriniň 3-nji mejlisi, 2024-nji ýylyň 24-nji apreli, Ankara, Türkiýe

Türki döwletleriň arasynda bilelikde emeli hemra işläp düzmek babatda ylalaşyk gazanyldy diýip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow guramanyň agza we synçy döwletleriniň kosmos agentlikleriniň 3-nji mejlisinden soňra beren beýanatynda mälim etdi.

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň penşenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň kosmos agentlikleriniň 3-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisde Türkmenistana “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktory Batyr Orazdurdyýew wekilçilik etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu taslamanyň çäklerinde degişli ýurtlardan düzülen inženerler topary Gazagystanyň ylmy-barlag merkezinde iş alyp bararlar we şonuň netijesinde kosmos giňişligine emeli hemra uçurylar.

Türkiýede geçirilen duşuşykda taraplar kosmos we emeli hemra pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşydylar. Şeýle hem taraplaryň arasynda kosmos ylmy-barlaglary bilen baglanyşykly käbir meseleler boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

2022