17.11.2020
23.12.2020

Gurluşyk we binagärlik ministrligi harby mekdebiň täze binasyny gurmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 700 orunlyk 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 2020-nji ýylyň 23-nji dekabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-46-36, 44-46-64, 44-47-56.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 84
Bulary hem okaň
2022