23.01.2021
06.03.2021

TNGIZT awtoulag tirkegini satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan halkara tender yglan edýär.

Lot №4 – Nebit we nebit önümlerini aşaky çökündilerden arassalamak üçin ykjam energiýa garaşly toplum bilen enjamlaşdyrylan awtoulag tirkegi.

Size Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň HYG bölüminde teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin satyn alyjylary saýlamak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • tehniki talaplaryny almaly;
  • her bir lot üçin 575 amerikan dollary möçberde (GBS-i hasaba almak bilen) tölegini töläp bäsleşik resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden 30 (otuz) iş günleriniň dowamynda ýerli wagt bilen 17.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik tekliplerini görkezilen salga eltmeli, resminamalara hasap belgisine pul serişdeleri geçirilenden soňra serediler.

Söwda tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa hödürlenýän önüm üçin söwda teklibi bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993243 9-60-33, 2-12- 36, faks: +993 (243) 2-11-49.

Elektron salgysy: tngizt@online.tm;

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň