Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
TDHÇMB
22.02.2021
04.03.2021
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy turba we ätiýaçlyk şaýlaryny satmak boýunça tender yglan edýär
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy deslapky kwalifikasiýa saýlawyny geçirmek boýunça “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn territoriýasynyň A we B blok gaz skwažinalaryny tamamlamak üçin sorujy-gysyjy turbalary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça
№. CIT-21002-MR
tender yglan edýär.
Tender 2-7/8 we 3-1/2 dýum diametrli sorujy-gysyjy turbalary satyn almagy öz içine alýar.
Bu tendere gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa, aşakdaky maglumatlary rus we iňlis dillerinde tabşyrmaly:
- adyny we tertip belgisini görkemek bilen tendere gatnaşmak üçin arza;
- kompaniýanyň doly ady, hukuk ýagdaýy, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we kompaniýanyň hasaba alyş resminamasy görkezilen gysgaça maglumat;
- soňky 3 ýylyň dowamynda maliýe ýagdaýy we audit maglumatlary;
- zawod barada gysga maglumat we bu tender işinde hyzmatdaşlyk etmek üçin zawoddan ynanç haty;
- soňky 3 ýylyň dowamynda kompaniýanyň meňzeş hyzmatlary bermek boýunça iş tejribesi;
- ýerli kompaniýalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýändigi baradaky bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmaly;
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan.
Elektron salgysy: narine.simonyan@cnpcag.com;
Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312 44-54-34, faks: +993 12 44-50-44.
Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň