25.03.2021
06.05.2021

Türkmenistanyň Merkezi banky ýaşaýyş jaýlaryna tehniki hyzmat bermek boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Merkezi banky banka degişli bolan, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 81-nji, 88-nji, 189-njy, 230-njy, 232-nji, Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 8-nji, Atatürk köçesiniň ugrunda ýerleşýän 59-njy, 65-nji, 71-nji, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 136-njy, 150-nji, 154-nji, Gurbannazar Ezizow köçesiniň ugrunda ýerleşýän 13-nji, Seýitnazar Seýdi köçesiniň ugrunda ýerleşýän 29-njy, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 211-nji ýaşaýyş jaýlaryndaky ýangyn habar beriji we tüsse sorujy awtomatiki ulgamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we bejergi, abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin tehniki hyzmata bermek boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşigiň tehniki häsiýetnamasyny almak boýunça Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 36-njy salgysynda ýerleşýän Türkmenistanyň Merkezi bankyndan duşenbe — şenbe günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli alyp bilersiňiz.

Arakesme wagty sagat 13:00-dan 14:00-a çenli.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda hökmany ýagdaýda ýapyk bukjada kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

38-12-37, 38-10-27, 38-13-64, 56-80-18.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly 36
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022