08.06.2021
10.06.2021

Nebit we nebit-himiýa tehnologiýalarynyň 21-nji Hytaý halkara sergisi

Nebit we nebit-himiýa tehnologiýalarynyň 21-nji Hytaý halkara sergisi (CIPPE-2021) Pekin şäherinde, Hytaýyň täze halkara sergi merkezinde 2021-nji ýylyň 8-10-njy iýunynda geçiriler.

Nebit-gaz we energetika enjamlary çygryndaky öňdebaryjy halkara çäre dünýä boýunça koronawirus pandemiýasyndan soňra oflaýn tertipde geçiriljek ilkinji iri möçberli nebit-gaz sergisi bolar.

CIPPE-2021 sergisi kärhanalara hyzmat etmeklige we pudaklaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine, şeýle hem dünýäniň nebit-gaz pudagynyň ösmegine ýardam etmek üçin sergi giňişliginiň uniwersal meýdançasyny döretmeklige bagyşlanandyr.

CIPPE-2021 guramaçylary sergä oflaýn, şol sanda onlaýn tertipde gatnaşmaga mümkinçilik berip, sergä gelýän adamlaryň bu ýerde bolmaklygynyň guramaçylygynyň toplumlaýyn meýilnamasyny döretdi we durmuşa geçirdi.

Iki dilli onlaýn serwis özi gelip bilmedik adamlara önümleriň görkezilmegini, göni ýaýlymy hem-de talabyň we teklibiň ylalaşylmagyny üpjün etjek onlaýn sergä gatnaşmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, eksponentler bütin dünýä boýunça özleriniň önümlerini mahabatlandyrmak üçin, şeýle hem Internetde satyn alyjylar bilen aragatnaşyk üçin göni ýaýlymlary işjeňleşdirip bilerler.

Häzirki pursatda sergä gatnaşmak üçin 1600-e golaý eksponentler bellige alyndy.

Sergä gatnaşmak üçin şu telefon belgisine jaň edip ýüzlenip bilersiňiz:

21-23-62/64

Pekin, Hytaý
Bulary hem okaň
2022