“Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” forumy
“Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” forumy 2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriler. Çäräni gurnaýjy hokmünde NielsonSmith kompaniýasy çykyş edýär.
Forumda Türkmenistanyň baýlyk bazasynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler barada pikir alyşmak üçin hökümet we işewürler toparynyň 350-den gowragy ýygnanar. Energetika, himiýa senagaty, ulag we logistika, gurluşyk hem-de önümçilik ýaly möhüm taslamalar gözden geçiriler. Forumyň esasy ugurlary — nebit we gaz, maliýe, bank işi, ätiýaçlandyryş, infrastruktura taslamalary we elektrik energiýasynyň öndürilişi.
Forumyň maksady — dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen Türkmenistanyň hökümeti arasynda gönüden-göni dialogy ýola goýmak, 2035-nji ýyla çenli strategiki ösüş we ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ugrunda pikir alyşmak üçin bir platforma döretmek.
Web sahypasy: www.turkmenistan.nielsonsmith.com