04.08.2021
10.08.2021

Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi söwda dükanlaryny gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça tender yglan edýär

Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi Ahal welaýatynyň Bäherden, Gökdepe, Kaka, Babadaýhan hem-de Tejen etraplarynyň çäklerinde ýerleşýän alyjylar jemgyýetleriniň garamagynda täze söwda dükanlaryny gurmak we enjamlaşdyrmak üçin harytlar bilen üpjün edijileri we potratçylary saýlap-seçip almak maksady bilen bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige degişli işleri amala aşyrmaga ygtyýarnamasy (Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bolsa) bolan we Türkmenistanda bellige alnan döwlet eýeçiligine degişli däl kärhanalar, guramalar we telekeçiler gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty görkezilen salgyda ýerleşýän Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň müdiriýetiniň ýanyndaky bäsleşik toparyndan alyp bilersiňiz.

Töleg hasaplaşygy işler we hyzmatlar ýerine ýetirilenden soň geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2021-nji ýylyň 10-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Bäsleşik 2021-nji ýylyň 18-nji awgustynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 65-13-03-24

Faks:

36-84-35

Türkmenistan, Aşgabat ş.,Aba Annaýew 51
Bulary hem okaň