26.08.2021
24.09.2021

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk enjamlary satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 41 — «Arçman» şypahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Lot № 42 — Mary welaýat Çagalar hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot № 43 — Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

40-04-79

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň
2022