02.11.2021
14.12.2021

Türkmenistanyň Energetika ministrligi maslahat beriş hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda 10 MWt kuwwatly gibrid gün we ýel elektrik stansiýasyny dolulygyna gurmak üçin maslahat beriş hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Basleşige gatnaşmak üçin:

  • tendere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň energetika ministriniň adyna gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, bellige alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň Energetika ministrliginden lotuň häsiýetnamasyny we tehniki talaplary almaly;
  • 1500 amerikan dollary möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi töläp, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Basleşik teklipleri 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 14-ne sagat 16:00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

37-94-31

37-94-33

Türkmenistan, Aşgabat ş. k. 2022, 55
Bulary hem okaň
2022