30.11.2021
02.01.2022

TNGIZT himiki serişdeleri satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar we hyzmatlar bilen üpjün edijileri (potratçylary) tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan halkara tender yglan edýär

Lot №5 - 2021–2022-nji ýyllar üçin himiki serişdeler we goşmaça materiallar

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün edijileri saýlap-seçip almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • bäsleşigiň tehniki talaplaryny almaly;
  • her bir lot üçin 575 amerikan dollary möçberde tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Görnüşdäki tehniki ýumuşy we spesifikasiýany ýükläp alyň.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, 30 (otuz) iş günleriň dowamynda ýerli wagt bilen 17.00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilýär.

Tender tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa söwda teklibi bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 (243) 2-12-36

+993 (243) 9-62-33

Faks:

+993 (243) 2-11-49

Elektron salgysy:

tngizt@online.tm

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş
Bulary hem okaň