28.12.2021
01.02.2022

“Türkmenturba” AGPJ himiýa önümlerini satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär

“Türkmenturba” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça №T/TURBA–09 halkara tender yglan edýär

Lot №5 – Himiýa önümleri we kömekçi materiallar

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenturba” AGPJ edara binasyna ýüz tutup bilerler:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen Lot üçin 500 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen 12.00 çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

24-43-51

24-48-44

24-48-46

Faks:

24-48-34

Elektron salgysy:

tturba@online.tm

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly 1
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022