Türkiýe Hazarüsti gaz geçirijisiniň üsti bilen türkmen tebigy gazyny kabul edip, soňra ony öz çäginden Ýewropa ibermeklige Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygynda strategik maksatlarynyň biri hökmünde garaýar. Bu barada Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki "BOTAŞ" kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy we baş direktory Abdülwahit Fidan 21-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen "Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026" (OGT 2026) atly halkara maslahaty we sergisinde eden çykyşynda aýtdy.
Fidanyň bellemegine görä, bu meýilnamany durmuşa geçirmek üçin gaz öndürijiler, daşaýjy kompaniýalar we alyjylar tehniki hem-de täjirçilik şertlerini ylalaşmalydyrlar. "BOTAŞ" tebigy gazy üpjün etmek, daşamak we söwda etmek boýunça gazanan tejribelerini türkmen hyzmatdaşlary we degişli taraplar bilen hyzmatdaşlykda ulanmaga taýýardyr.
Fidan 2025-nji ýylda türkmen gazynyň Türkiýä iberilip başlanmagyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyry we has giň gerimli hyzmatdaşlyk üçin başlangyç hökmünde häsiýetlendirdi. Şeýle hem iki tarapyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny, iýun aýynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisini ýatlady.
Fidanyň aýtmagyna görä, Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki "BOTAŞ" kompaniýasynyň söwda ulgamy alty yklymy öz içine alyp, häzirki wagtda dünýäniň 39 ýurdunda 50-den gowrak kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edýär.

















