Azerbaýjan Türkmenistan bilen elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna eksport etmegiň mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýär. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Kemal Abbasow Aşgabatda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026” (OGT 2026) atly halkara maslahatynyň plenar mejlisinde aýtdy.
Abbasow sebitdäki energetika hyzmatdaşlygy barada aýtmak bilen, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň “Merkezi Aziýa — Azerbaýjan” energetika geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyny belledi. Bu taslama Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän elektrik energiýasyny Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna ibermegi göz öňünde tutýar.
Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan tarapy Türkmenistan bilen elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belleýär. Abbasowyň aýtmagyna görä, türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasyny Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna eksport etmek mümkinçiligini öwrenmek bolar.
Kemal Abbasow hökümetleriň we energetika pudagyndaky kompaniýalaryň arasyndaky dialogyň dowam etdirilmeginiň bu mümkinçilikleri anyk netijelere öwürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi

















