02.02.2022
10.02.2022

Aşgabatda Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň 43 ýyllygyna bagyşlanan sergi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet merkezinde sişenbe güni Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň 43 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi öz işine başlady.

Sergide şekillendirilen suratlaryň arasynda “Roýan” ylmy-gözleg instituty, Eýranyň nebiti gaýtadan işleýan zawody, Atom elektrik stansiýasy, Eýranyň Parlamentiniň mejlisler zaly, “Omid” gözleg we aragatnaşyk emeli hemrasy, Pars aýlagyndaky nebit buraw desgasy, Tähranda ýerleşýän dünýädäki iň uly söwda merkezi bar.

Merkeziň başlygy Nawid Rasuliniň aýtmagyna görä, bu serginiň esasy maksady Türkmenistanly ýaşaýjylary Yslam Rewolýusiýasyndan soňky Eýranyň şu wagta çenli ýeten uly sepgitleri we ylmy-gözleg üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Sergi ähli isleg bildirýänler üçin açyk bolup, 2022-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli dowam eder.

Türkmenistan, Aşgabat ş. Magtymguly şaýoly, 101
Bulary hem okaň
2022