Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
TDHÇMB
04.06.2026
04.06.2026
Turkmen Textile Expo 2026
2026-njy ýylyň 4–6-njy iýun aralygynda Aşgabat şäherinde dokma senagaty boýunça “Turkmen Textile Expo 2026” atly halkara sergi geçiriler. Sergi ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlär.
Bu sergi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan, “Turkmen Expo” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.
Şu ýyl serginiň mazmunyny has baýlaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Munuň çäklerinde daşary ýurtly gatnaşyjylaryň sanyny artdyrmak, iri halkara satyn alyjylary çekmek hem-de B2B görnüşindäki işewürlik hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek göz öňünde tutulýar.
Serginiň ugurlary:
- Dokma enjamlary we tehnologiýalary
- Geýim, aýakgap we deri önümleri
- Tebigy süýümleri gaýtadan işlemek
- Öý dokma önümleri we ekodokma
- Ätiýaçlyk şaýlary we kömekçi materiallar
- Himiki serişdeler we boýaglar
- Aksesuarlar we tikin furniturasy
- Moda we dizaýn
- Gözellik önümleri
- Şaý-sepler (zergärçilik önümleri)
Giňişleýin maglumat we hasaba alyş: www.turkmentextile.turkmenexpo.com
Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, 143
Bulary hem okaň











