10.02.2022
19.02.2022

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy himiki serişdeleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn territoriýasynyň çägindäki ГДЗ-1 desgasynynyň “A” blogy we ГДЗ-2 desgasynynyň “B” blogy üçin korroziýany togtadyjy ingibitorlary satyn almak üçin deslapky kwalifikasiýa saýlawyny geçirmek boýunça № CIT-21034-MR belgili tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky görkezilen maglumatlary we resminamalary iňlis ýa-da rus dilinde taýynlap tendere gatnaşyp biler:

  • Tenderiň sanyny we adyny görkezip, tendere gatnaşmak üçin arza.
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we telefon belgileri we kompanivanyň işewürligi barada gysgaça maglumat bermeli.
  • Soňky 3 ýylyň dowamynda kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli.
  • Kompaniýanyň soňky 5 ýylyň içinde şuňa meňzeş inžener taslamalary alyp baran iş tejribesi barada maglumat bermeli.
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Arzalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär ýa-da elektron salga( elektron resminamalaryň göwrümi 10MB geçmeli däl) ugradyp bolýar.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Elektron salgysy: Narine.Simonyan@cnpcag.com

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993-12-44-54-34

Faks: +993-12-44-50-44

Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, Aşgabat, Türkmenistan
Bulary hem okaň
2022