11.02.2022
17.03.2022

“Türkmengaz” DK gaz geçiriji agregaty işe girizmek boýunça tender yglan edýär

“Türkmengaz” döwlet konserni tender toparynyň adyndan “Bagtyýarlyk” kompressor stansiýasynda “D” gaz geçiriji agregaty (ГПА) işe girizmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • 1725 amerikan dollary möçberde (şol sanda GBS harajatlary) tölegi tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda görkezilen salgy boýunça ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bäsleşik teklipleri, tender tölegi tölenenden soňra seljerilip başlanar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 40-32-50

(+99312) 40-32-40

Faks:

(+99312) 40-32-59

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022