Polipropilen we dokalan haltalary öndürýän “Mesi” hojalyk jemgyýeti önümlerini Gazagystan, Russiýa, Azerbaýjan, Belarus we Moldowa ýaly ýedi ýurda eksport edip, eksport bazarlarynyň geografiýasyny has hem giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada hojalyk jemgyýetiniň satuw boýunça wekili Baýramdurdy Gurbanweliýew Baku şäherinde geçirilen “Plastex Caspian 2026” atly 5-nji Hazar halkara plastmassa we polimer senagaty sergisinde aýtdy diýip, serginiň resmi web sahypasynda aýdylýar.
Baýramdurdy Gurbanweliýewiň sözlerine görä, kompaniýanyň sergä gatnaşmagy öz önümlerini ýerli kompaniýalara tanyşdyrmak we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. “Mesi” hojalyk jemgyýetiniň önümlerine köp sanly kompaniýalar gyzyklanma bildirip, kärhana sergi tamamlanandan soň hem bu ugurdaky gatnaşyklary dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.
Aşgabat şäherinde ýerleşýän kärhana gurluşyk, oba hojalygy we azyk senagaty üçin polipropilen we dokalan haltalary öndürýär. Önümler müşderileriň isleglerine laýyklykda dürli ölçeglerde we galyňlykda taýýarlanýar. Häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwaty aýda 500 tonna deňdir.
Eksport ugurlaryny giňeltmek bilen bir hatarda, kompaniýa ýakyn wagtda önümçilik kuwwatyny iki esse artdyryp, aýda 1000 tonna ýetirmegi hem-de önümleriniň görnüşlerini köpeltmegi meýilleşdirýär.
“Plastex Caspian 2026” sergisi 14–16-njy oktýabrda Baku şäherindäki “Baku Expo” merkezinde Hazar gurluşyk hepdeliginiň (Caspian Construction Week) çäklerinde geçirildi. Bu çäre birnäçe pudaklaýyn sergini özünde jemledi.

















