Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda 807 million 417,9 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda habar berilýär.
Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 657 million 421 müň ABŞ dollary möçberinde önüm import etdi. Şol döwürde Özbegistanyň Türkmenistana eksportynyň möçberi 149 million 996,9 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy ýanwar-awgust aýlarynda 57,4 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4 milliard dollar ýa-da 7,6% ýokarlandy.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2025-nji ýylda 1,2 milliard ABŞ dollaryna barabar bolupdy.

















