15.04.2022
28.04.2022

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy duz kislotasyny satyn almak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň çägindäki guýularda 2022-2024 ýyllarda kislota bilen arassalaýyş işlerini geçirmek üçin duz kislotasyny satyn almak boýunça №CIT-22002-MR belgili tender yglan edýär

Ýerine ýetirilmeli işleriň beýany:

  • 3 ýylyň dowamynda 6000 tonna 30-31% duz kislotasy bilen üpjün etmek;
  • Duz kislotasyny “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasyna DDP (Incoterms 2010) şertlerinde laýyklykda getirmek;
  • Önümler Türkmenistanyň çäginde daşalýan wagtynda harby gorag hyzmaty bilen üpjün etmek.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we telefon belgileri we kompanivanyň işewürligi barada gysgaça maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat bermeli;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993-12-44-54-34

Faks: +993-12-44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022