19.04.2022
30.04.2022

Türkmenistanyň Bilim ministrligi damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça tenderiň möhledini uzaldýar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň demirgazyk tarapynda «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň aýlawly çapuw ýodasynyň daş-töwereginden bölünip berlen 309,83 gektar ýer böleginde ekilen bag nahallaryny suwarmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça potratçyny saýlap almak maksady bilen öň yglan edilen bäsleşigiň möhledini uzaldýar

Ähli gyzyklanýan ýerli guramalar, kärhanalar we telekeçiler tassyklanylan tehniki tabşyrygy almak üçin Bilim ministrligine ýüz tutup bilerler.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 30-na, sagat 16:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-86-04

+993 12 44-86-05

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 104-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022