Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň (TDGG) wekiliýetiniň Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Ýewropa sebitindäki agza döwletleriň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň Brýussel şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde gullugyň ýanyndaky Okuw merkezine BGG-niň sebitleýin okuw merkezi derejesiniň berilmegi boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň penşenbe güni habar bermegine görä, maslahatyň işine Bütindünýä gümrük guramasynyň Ýewropa sebitindäki 53 sany agza döwletleriniň gümrük gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary I.Saundersiň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahatyň dowamynda Bütindünýä gümrük guramasyny döwrebaplaşdyrmak we gümrük hyzmatdaşlygyny Ýewropa sebiti derejesinde güýçlendirmek, elektron söwdany höweslendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar BGG-niň Maliýe we gözegçilik komitetleriniň hasabatlary hem-de 2024-2025-nji maliýe ýyly üçin býujet meýilnamalaşdyrylyşy boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalylygyna 1993-nji ýylda kabul edildi.