07.05.2024
05.06.2024

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi anyklaýyş serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär:

Lot­№24 ­— Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy üçin anyklaýyş serişdelerini satyn almak.

Lot­№25 ­— “Lukmançylyk enjamlary” önümçilik birleşigine lukmançylyk enjamlaryny hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 12 40-04-79

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022