Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 88 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 88 milliard manatdan geçdi
Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2024-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 24,83 million manada ýetdi. 2023-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 286,46 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2024-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 53 milliard 623 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 57 milliard 933 million manada deň boldy.

Şeýle hem 2024-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 12 milliard 305 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 11 milliard 945 million manada ýetdi.

Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 22 milliard 97 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji aprel ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 19 milliard 408 million manada deň boldy.

Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 3 milliard 576,86 million manatdan geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022