03.05.2022
30.05.2022

Balkan welaýat häkimligi himiki reagentleri we reaktiwleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 35 000 kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desgasyna, Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 50 000 kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desgasyna we Awaza etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 70 000 kub metr bolan lagym suwlaryny biologik arassalaýjy desgasyna gerek bolan himiki reagentleri we reaktiwleri üçin üpjün edijini saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot №1 — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän,kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 35 000 kub metr bolan hem-de Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 50 000 kub metr bolan de­ňiz suwuny süýjediji desgalar we Awaza etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 70 000 kub metr bolan lagym suwlaryny biologik arassalaýjy desga üçin himiki reagentleri we reaktiwleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça görnüşde ýüz tutup, gerek bolan harytlaryň sanawy we möçberleri barada maglumaty Balkan welaýat häkimliginden alyp bilersiňiz.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça görnüşdäki ýüztutma tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň 30-njy maýyna, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (222) 7-77-00

+993 (222) 2-00-33

Faks:

+993 (222) 6-00-89

+993 (222) 2-00-29

Balkan welaýaty, Balkanabat ş., Gurbansoltan eje şaýoly, 14
Bulary hem okaň
2022