21.09.2022
24.09.2022

Türkiýe -Ýakyn Gündogar söwda ýarmarkasy TRADE'F 2022

Türkiýe -Ýakyn Gündogar söwda ýarmarkasy TRADE'F 2022, Günbatar Gara deňiz sebitinde 2022-nji ýylyň 21-nji sentýabryndan 24-nji sentýabryna çenli Türkiýäniň Kastamonu şäherinde geçiriljek ilkinji garyşyk söwda ýarmarkasydyr.

Çäräniň esasy maksady telekeçiler üçin amatly şertleri döretmekden, maglumat alyş-çalşygyndan, halkara söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmekden we maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.

“İstamonu Fuarcılık Hizmetleri LTD. ŞTİ.” tarapyndan guralan ýarmarka döwlet edaralaryndan başga-da syýahatçylyk, tehnologiýa, daşky gurşaw, energiýa, bilim, azyk, gurluşyk, maşyngurluşyk, magdançylyk, binagärlik, saglygy goraýyş, oba hojalygy we dokma pudaklarynyň wekillerini özünde jemlär.

TRADE'F 2022 Türkiýäniň we Ýakyn Gündogar ýurtlaryň öňdebaryjy brendleri, kärhanalaryň tejribeleri we söwda pudagynda täze innowasiýalar bilen tanyşmak üçin uly meýdança bolar.

Geçirilýän ýeri: Kastamonudaky Kuzeýkent sergi merkezi

Serginiň iş wagty: 10:00-18:00

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+90-212-222-97-37

+90-553-938-37-37

Elektron salgylary:

tradef@tradef.org

tradefkastamonu@gmail.com

Kastamonu şäheri, Türkiýe
Bulary hem okaň
2022