14.06.2022
18.06.2022

ITM 2022 - Dokma enjamlarynyň halkara sergisi

ITM 2022 – Dokma tehnologiýasy boýunça öňdebaryjy kompaniýalary birleşdirýän, dokma enjamlaryň iri halkara sergisidir. Sergi 2022-nji ýylyň 14-18-nji iýun aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherindäki TÜYAP sergi we konsgres merkezinde geçiriler.

ITM 2022 sergisinde dünýäde öňdebaryjy dokma enjam öndürijileri soňky ýyllarda öndüren enjamlaryny we maşynlaryny görkezerler. Halkara maýadarlar sergide hödürlenen iň täze tehnologiýalar we täze önümler bilen tanşyp bilerler.

ITM 2018 sergisi dünýäniň 64 ýurdundan 1150 gatnaşyjynyň gatnaşmagynda 13 zalda geçirildi. Sergä Owganystan, Alžir, Bangladeş, Eýran, Efiopiýa, Hindistan, Indoneziýa, Tunis, Özbegistan, Rumyniýa ýaly 94 ýurtdan 14248-den gowrak halkara eksponentler gatnaşdy. Jemi 2018-nji ýylda geçirilen sergä 58942 adam gatnaşdy.

Geçirilýän ýeri: TÜYAP sergi we konsgres merkezi.

г.Стамбул, Турция
Bulary hem okaň
2022