07.06.2022
20.06.2022

"PETRONAS Çarigali Türkmenistan” kompaniýasy tender yglan edýär

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy buraw guýulary arassalamаk üçin buraw ergini bilen üpjün etmek hem-de buraw erginleri buraw galyndylaryndan arassalamak boýunça hyzmatlary bermek; buraw galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça №PCT/TKG-WD/0422/006 (Lot A we B) belgili tendere gatnaşmaga çagyrýar

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:

  • tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
  • arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
  • Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.

Elektron salgysy:

tender.tkm8@petronas.com.my

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81
Bulary hem okaň
2022