21.07.2022
30.07.2022

Türkmenabat halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili sanawda görkezilen hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça açyk bäsleşik yglan edýär

1. Rapisсan rentgen-telewizion enjamlarynda abatlaýyş işlerini we tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek;

2. Türkmenabat halkara howa menziliniň elektrik ulgamynyň enjamlaryny, ýagny, güýç transformatorlaryny, tok transformatorlaryny, güýjenme transformatorlaryny, gorag-rele serişdelerini döwlet synagyndan geçirip, gerekli delilnamalary almak.

Açyk bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli:

  • kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalary, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefony;
  • kompaniýanyň agzalan ugur boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
  • bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekiliniň ynanç haty;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin 1000,00 (müň) manady yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen tölemeli.

Bildiriş berlen gününden açyk bäsleşige teklipler 10 (on) günüň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Degişli resminamalar Türkmenabat Halkara howa menziliniň marketing we şertnamalar bölümine berilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (422) 9-46-78

+993 (422) 9-47-03

Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi
Bulary hem okaň
2022