Ýanwar-mart: Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen söwda dolanyşygy $1,8 milliarda ýetdi

BT
Ýanwar-mart: Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen söwda dolanyşygy $1,8 milliarda ýetdi
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň dar düzümde geçirilen mejlisi, 2026-njy ýylyň 22-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: gov.kg)

Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen 2026-njy ýylyň ýanwar–mart aýlarynda haryt dolanyşygy 1,8 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30 göterim ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňişleýin düzümde geçirilen mejlisinde aýtdy.

“nCa” agentliginiň habar bermegine görä, wise-premýer GDA döwletleriniň Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlary bolmagynda galýandygyny nygtady. Mejlisde 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň GDA-nyň ýurtlary bilen özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň 4 milliard ABŞ dollaryndan geçip, öňki ýyl bilen deňeşdirilende 7,2 göterim artandygy bellenildi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy, Özbegistan, Gazagystan we Belarus bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has işjeň ösdürýändigini mälim etdi.

Hojamyrat Geldimyradow GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem kesgitledi we ileri tutulýan ugurlaryň biriniň hem ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek bolup durýandygyny nygtady. Bu ugurda Türkmenbaşy halkara deňiz portuna, Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýol ugruna we multimodal ýük daşamalaryna aýratyn ähmiýet berilýär.

Şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda sanly özgertmeler we senagat kooperasiýasy görkezildi. Türkmenistan ulag-logistika we söwda ulgamlarynda IT çözgütlerini ornaşdyrmagy, elektron resminama dolanyşygyny ösdürmegi, şeýle hem inžener we IT hünärmenlerini bilelikde taýýarlamagy goldaýar.

Mundan başga-da, energetika, himiýa senagaty, dag-magdan we metallurgiýa toplumy, dokma senagaty hem-de gurluşyk materiallarynyň önümçiligi bilelikdäki taslamalar üçin geljegi uly pudaklaryň hatarynda görkezildi.

2022